Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-niň başlygy Dohada Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy


 Raşid Meredow. Arhiw suraty
Raşid Meredow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýekşenbe güni Dohada Kataryň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Mariam bint Ali bin Naser Al-Misnad bilen duşuşdy diýip, “Biznes Türkmenistan” Kataryň resmi habar gullugyna salgylanyp habar berýär.

Bu duşuşyk nobatdan daşary Arap-Yslam sammitiniň öňüsyrasynda, daşary işler ministrleriniň taýýarlyk maslahatynyň çäklerinde geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşdylar.

XS
SM
MD
LG