Aşgabatda doňdurylan “tagamsyz” et arzan bahadan satuwa çykaryldy

Aşgabadyň söwda marketleriniň birinde et bölümindäki önümlere seredýän ýaşaýjylar (Arhiw suraty)

Türkmenistanda Garaşsyzlyk gününe 10 gün çemesi galanda, Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynda we olaryň bazarlardaky nokatlarynda adatdakysyndan 30% arzan bahalanýan et peýda boldy.

Bu waka, soňky aýlarda ýurtda etiň bahasynyň yzygiderli gymmatlaýan we ilat arasynda nägileligiň artýan mahalyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy sentýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň garamagynda azyk dükanlarynda we bazarlardaky nokatlarynda arzan bahadan doňdurylan çylka et satuwda peýda boldy. Onuň bir kilogramy 80 manatdan satylýar. Häzir ýerli sygyr etiniň bir kilogramy bolsa, 120 manat bahalanýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat Ahalda “ýakymsyz ysly we ajymtyk tagamly” üwelen et arzan bahadan satuwa çykaryldy

Dükan satyjylarynyň alyjylara berýän maglumatyna görä, doňdurylan gäwmiş etleri daşary ýurtlardan import edildi. Alyjylar ondan 5-6 kilograma çenli satyn alyp bilýär.

Habarçymyz etiň hyrydarynyň aşa köp däldigini, dükanlarda ýa-da bazarlardaky et nokatlarynda adamlaryň nobatlarynyň ýokdugyny aýdýar. Alyjylar munuň sebäbini etiň juda tagamsyzdygy bilen düşündirýärler.

"Köne etden Türkmenistana hem paý ýetdi"

“Bu etden satyn alyp, ondan çorba taýýarlan ýaşaýjylaryň bir bölegi onda tagam ýok diýip, gaýdyp bu etden almaýar. Ýöne bazarlardaky adaty gymmat etden satyn almaga maddy mümkinçiligi bolmadyk raýatlaryň ýene bir bölegi doňdurylan etden satyn alyp, ony et üweýän maşyndan geçirip, oňa sogandyr, sarymsak, gara burç we beýleki tagam berijileri garyp, kotlet, somsa, manty ýaly naharlary bişirýär” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, dükan satyjylary ýaşaýjylaryň etiň tagamsyzdygy barada edýän şikaýatlaryna anyk düşündiriş berip bilmeýärler.

Ýöne ýurduň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň paýtagtdaky edaralarynyň birindäki çeşmämiz munuň sebäbini “doňdurylan etiň juda könedigi” bilen düşündirýär.

“Daşary ýurtlaryň biriniň azyk ätiýaçlyk gorunda bu doňdurylan etiň möhletiniň geçmegine az wagt galanda, onuň ýeri täze et bilen doldurylýandygy üçin, etiň köne gory arzan bahadan ösýän ýurtlara ýerlendi. Bu uzak wagt saklanan, köne etden Türkmenistana hem paý ýetdi. Häzir bu önümi maddy mümkinçiligi pes hojalyklar bilen bir hatarda, esasan şöhlat öndürýän hususy kärhanalar köp mukdarda satyn alýarlar” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada ministrligiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Degişli maglumat Türkmenistanda emeli ‘azyk bolçulygy we arzançylygy’ uzaga çekmedi, ýag, et we ýumurtga gymmatlady

"Ilaty köşeşdirmek we gözüni boýamak"

Bu waka, soňky aýlarda ýurtda etiň bahasynyň yzygiderli gymmatlaýan mahalyna gabat geldi. Iýul aýynda hususan-da, 80 manada duran çylka etiň bir kilogramy birden 105 manada ýokarlandy. Bu ýagdaý, ilatyň ýurtda etiň bahasynyň gymmatdygy barada sosial ulgamlarda wideo maglumatlary ýygy-ýygydan paýlaşmagyna hem getirdi.

Häzirki wagtda paýtagtyň bazarlarynda we et dükanlarynda ýerli sygyr etiniň süňkli böleginiň bir kilogramy 95 manatdan, çylka bölegi 120 manatdan satylýar.

Ýaşaýjylaryň ençemesi köp maşgalanyň bu etlerden satyn almaga maddy mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdyp, arzan bahadan doňdurylan etiň satuwa çykarylmagyny, häkimiýetleriň “Garaşsyzlygyň we maslahatyň öňüsyrasynda, hamala, ilaty köşeşdirmek we gözüni boýamak” çäreleri atlandyrýar.

Türkmenistan şu aýyň 27-ne öz garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny belleýär. Şeýle-de, türkmen mediasy tarapyndan halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy atlandyrylýan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň sentýabryň 19-nda Aşgabatda geçirilmegine garaşylýar.

Adatça ýurtda uludan bellenilýän baýramçylyklaryň we seneleriň öňüsyrasynda, döwlet dükanlarynda we bazarlarda azyk harytlarynyň käbir görnüşleri arzan bahadan satuwa çykarylýar. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmeýär we baýramçylykdan sanlyja gün ýa-da hepde soň aradan aýrylýar. Azyk önümleri öňküsinden hem gymmatlaýar.

Degişli maglumat 'Süňk hem gymmatlady'. Etiň gymmatlamagy ilatyň iýmit aladasyny artdyrdy


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.