Türkmenistanda nobatdaky pagta ýygymy möwsümi dowam edýän mahaly, Ahal welaýatynda döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalaryň işgärlerinden özlerine derek hakyna tutma işçileri ýatymlaýyn pagta ýygymyna ibermek talap edilýär.
Býujetçiler eýýäm gündelik ýygymçylar üçin hem pul töländiklerini aýdyp, bikanun “pagta salgydyndan” halys irendiklerini aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy sentýabrda sebitden maglumat berdi.
“Işgärleriň pagta ýygymyna pul tabşyrmak mejburlygy dowam edýär. Pagta ýygymyna indi hakyna tutma işçiler ýatymlaýyn hem ugradylyp başlandy. Şeýlelikde, häzir işgärlerden pul diňe gündelik ýygymçylar üçin ýygnalman, eýsem ýatymlaýyn işçiler üçin hem talap edilýär” diýip, ahally býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat Balkanda mejbury pagta ýygymynyň gerimi "ozal görlüp-eşidilmedik derejä" ýetdiBýujetçileriň arasynda welaýatyň bilim, saglyk, bank ulgamlarynda işleýän işgärler bar. Edara ýolbaşçylary olara bu ýyl her bir işgäriň özüne derek hakyna tutma işçini ýatymlaýyn pagta ýygymyna iki gezek ibermeli boljakdygyny duýdurypdyrlar.
"Pul tölemeli, her gün iş ýeriňde bolmaly"
“Bu işçiler her gezeginde 15 gün ýatymlaýyn pagta ýygymyna gatnaşar. Her bir işgär 15 gün ýatymlaýyn pagta ýygjak işçi üçin öz aýlygyndan 600 manat tölemeli, üstesine-de, her gün iş ýerinde işlemeli bolýar” diýip, býujet işgärleriniň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy.
Ol býujetçileriň hakyna tutma gündelik ýygymçylar üçin awgust aýynda hem pul tölemeli bolandygyna ünsi çekip, özleriniň indi tapgyr ikinji aý aýlyk zähmet haklarynyň dörtden bir bölegini işçilere sarp etmeli bolýandygyny belleýär.
“Býujet işgärleriniň töleg geçirip, hakyna tutýan bu işçileri häkimleriň, emeldarlaryň, oba başlyklarynyň pagta meýdanlarynda pagta ýygýarlar. Daýhanlaryň potrat ýerlerine hiç hili hakyna tutma işgär eltilmeyär” diýip, ýagdaýlardan habarly býujet işgäri belledi.
Türkmenistanda pagta ýygymyna resmi derejede 9-njy sentýabrda badalga berildi. Ýöne ýurduň aglaba sebitinde bu çärä näresmi derejede mundan bir aý gowrak ozal, awgustyň ikinji ongünlüginiň başynda girişildi.
Habarçylarymyz pagta ýygymyna býujet işgärleriniň, öňki bendileriň we Balkan welaýatynda bolsa, hususy pudaklarda zähmet çekýän raýatlaryň, şol sanda hususy eýeçilikdäki dükanlaryň, garbanyşhanalaryň, toý mekanlarynyň we awtoparklaryň işgärleriniň hem çekilýändigini habar berip gelýärler.
"Başlyklaryň jübülerini galňatmak"
Mundan başga-da, käbir edara-kärhanalaryň işgärleri bolsa, pagta ýygymy üçin hakyna adam tutmaly edildi. Olardan munuň üçin her hepde 60 manada çenli pul goşandygyny goşmak talap edildi.
Degişli maglumat Balkanda býujetçiler pagta meýdanlaryna äkidilýär ýa-da pul tölemäge mejbur bolýarGalyberse-de, habarçylarymyz balkanly häkimiýetleriň pagta meýdanlaryna has köp adam ibermek we iş güýji bilen üpjün etmek boýunça görýän çäreleriniň arasynda ýollarda polisiýa işgärleriniň taksi sürüjilerinden 50 manat paç alýandygyny hem habar berdiler.
Bu aralykda, ahally býujet işgärleri özlerine zordan ýetýän aýlyklaryny diňe pagta ýygymyna däl, eýse başlyklaryň jübülerini galňatmak üçin hem sarp etmeli bolýandyklaryny belleýärler.
“Başlyklar bizden 15 gün ýatymlaýyn pagta ýygjak işçiler üçin 600 manat alýarlar. Bu, işçiniň gündelik hakynyň 40 manat bolýandygyny aňladýar. Ýöne bu işçiler özlerine gündelik 25 manat hak tölenýändigini aýdýarlar. Şeýlelik-de, edara ýolbaşçylary her bir býujetçiniň beren pulundan 225 manady öz jübülerine urýarlar” diýip, ahally býujet işgäri belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Ahalyň häkimiýetlerinden, şol sanda oba hojalygy, bilim, saglyk bölümlerinden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň oba hojalygy pudagynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýan pagta hasyly döwlet tabşyrygy esasynda ösdürilip ýetişdirilýär. Her ýyl ýüzlerçe müň gektar meýdana ekilýän gowaçanyň ekiş, otag, çürtüm we hasyl ýygnamak işlerinde býujet işgärleriniň zähmetinden we pul goşantlaryndan peýdalanylýar.
Türkmen hökümeti pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär. Munuň bilen baglylykda, ABŞ 2018-nji ýylyň maý aýynda türkmen pagtasynyň öz çägine import edilmegine gadaganlyk girizdi. Mundan ozal, 2016-njy ýylda global brendleriň ençemesi, şol sanda “H&M”, “IKEA, “Adidas” we “Esprit” Türkmenistanyň pagtasyndan ýüz öwrüpdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.