Raýat aktiwisti Myrat Düşemow 16-njy sentýabrda sekiz ýyl iş kesildi diýip, “Turkmen.news” habar berýär. Bu jeza oňa ozalky toslama iş boýunça berlen 4 ýyl tussaglygyny tamamlamagynyň öň ýanynda açylan iş boýunça berildi.
Duşemowyň häzirki aýyplaw höküminiň jikme-jiklikler entek belli däl, ýöne, görnüşinden, ol Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 107-nji maddasyna laýyklykda "Saglyga bilkastdan agyr zyýan ýetirmekde" günäkär tapylana meňzeýär diýip, habarda aýdylýar.
Neşiriň maglumatyna görä, ýapyk gapylaryň aňyrsynda bolan kazyýet işi Türkmenabat şäherinde geçirildi. Şeýle-de, garaşsyz neşir aktiwistiň garşysyna gozgalan täze jenaýat işiniň doly toslanyp tapylandygyny we bu agyr jezanyň Düşemowyň raýat pozisiýasy üçin howpsuzlyk gulluklary tarapyndan ar alyş bolandygyny belleýär.
Aktiwistiň ejesi kazyýet zalyna goýberilmedi
Türkmenabatda 16-njy sentýabrda geçirilen kazyýet işinde türkmen raýat aktiwisti Myrat Duşemow Seýdi şäherindäki LB-E / 12 türme koloniýasynda, tussaglykda bolýan ýerindäki bir tussagyň ýenjilmeginde günäli tapyldy.
Kazyýet işi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi. Duşoguzda bejergi alýan Täzegül Mämmedowa, aktiwistiň ejesine geçiriljek diňlenişik barada biraz öňünden habar berildi. Emma Türkmenabat şäherine gelip ýetişen ene kazyýet zalyna goýberilmedi.
Garaşsyz neşir 1-nji sentýabrda Myrat Düşemowyň indi tas üç aý wagt bäri derňew tussaghanasynda saklanylýandygyny, galplaşdyrylan täze iş esasynda geçirilmeli kazyýet seljerişliginiň geçirilmeýäbdigini habar beripdi.
Azatlygyň habarçylary şonda aktiwistiň 'işiniň' il arasynda barha köp pikir alyşma, 'syýasy çekişmelere' sebäp bolýandygyny habar beripdiler.
Myrat Düşemow, aktiwisiň işini ýakyndan yzarlaýan neşiriň ýazmagyna görä, raýat pozisiýasy üçin öňki berlen 4 ýyl tussaglyk jezasyny 12-nji iýunda tamamlap, azatlyga çykmalydy, ýöne muňa derek, diňe onuň özüne däl däl, tutuş maşgalasyna edilýän basyşlar güýçlendi.
Aktiwist özüne töhmet atylýandygyny aýtdy
Düşemow täze açylan jenaýat işi boýunça sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi. Aýdylmagyna görä, türme dolandyryjylary bilen “hyzmatdaşlyk edýän” tussag onuň üstünden şikaýat edipdir.
Myrat, hamala, türmeden boşadylmaly wagtyndan birnäçe gün öň oňa el garypdyr.
Aktiwist derňew wagtynda munuň töhmetdigini aýtdy we döwlet tarapyndan bellenen aklawçynyň üsti bilen, ýenjilendigi aýdylýan adamyň öz ýanyndan kellesini diwara urmaga başlandygyny habar berdi.
Düşemowa çykarylan täze höküm, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen synçylaryň we ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, türkmen režiminiň halk bilen arada döreden ynamsyzlygyny Halk Maslahatynyň 19-njy sentýabrda mejlisiniň öňüsyrasynda dikeldip bolmajak çuňluga düşürdi.
Ýerli ýaşaýjylar bu hökümiň häkimiýetleriň "gorkusynyň barmaly ýerine barandygyny" görkezýändigini belleýärler.
Adamlar häkimiýetleriň 'gaty gorkýandygyny' aýdýarlar
"Bu bir baryp ýatan masgaraçylyk, hökümet Halk maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda halky ählumumy gorkuzmaga çalyşýana meňzeýär. Sebäbi il içinde döwlet propagandasynyň ýalanyndan, häkimiýetleriň halkyň hakyky durmuşyndan bütinleý üzňeliginden, kanunyň hiç bir şertde işlemezliginden, jemgyýeti çüýreden korrupsiýadan, eden-etdilikden, ykdysady garyplykdan ýadawlyk, gahar-gazap görlüp-eşidilmedik derejede artyp ugrady” diýip, intelligensiýa wekili aýtdy.
Onuň sözlerine görä, öňki ýyllardan tapawutlylykda, indi hökümetiň halka berere "kökesi", mugt kommunal hyzmatlary, döwlet dükanlaryndaky iýmit paýoklary, arzan bahaly azyk önümleri hem galmady, netijede, diňe "gamçy" görkezmek galdy.
Ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz bilen gürleşen ýaşaýjylar ykdysady çökgünligiň Halk maslahatynyň öňüsyrasynda “öňden hem demikdiriji syýasy ýagdaýy has hem bogujy hala getirendigini” aýtdylar we bu ýagdaýda Myrat Düşemowa garşy görlen repressiýa çäresiniň ilkinji nobatda prezidentiň abraýyny pese gaçyrýandygyny öňe sürdüler.
"Häzirki ýagdaýda edilýän syýasy basyş gitdigiçe çuňlaşýan ykdysady çökgünligiň zyýanly täsirini peseltmän, tersine, has hem artdyryp, il içindäki nägileligiň gerimini giňeldýär" diýip, Balkan sebitindäki habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen hukuk goraýjy işgär aýtdy.
Paýtagtly syýasy synçynyň ynanjyna görä, Halk maslahatynyň öňüsyrasynda edilýän bikanun hereketler il içinde ‘häkimiýetleriň gorkusy’ diýilýän baradaky aladalary has hem artdyrýar.
"Il içinde ‘eger Düşemowy we beýleki aktiwistleri galp aýyplamalar bilen uly türme tussaglygyna höküm edýän bolsalar, diýmek, häkimiýetler halkdan gorkýarlar, şonuň üçin hem ähli işjeň raýatlary ýitirim etmeginiň ugruna çykdylar’ diýen pikir ýörgünli bolup barýar. Bolup geçýän wakalary analiz etsek, dogrudanam, türkmen režimi entek göze görünmeýän, emma ýiti syýasy durnuksyzlyga uçran bolmaly. Sebäbi, olarda artyp barýan syýasy pikir alyşmalara, hak-hukuk talaplaryna berere položitel jogap ýok, netijede, diňe gorkuzmak, sem etmek, ar almak endikleri galýar...” diýip, aşgabatly synçy aýtdy.
Onuň pikiriçe, hökümetiň bu hereketleri soňy bilen ýurtda öňüni alyp bolmajak syýasy üýtgeşmeleriň has ýakynlaşmagyny üpjün eder.
“Mesele diňe şol öňüni alyp bolmajak üýtgeşmeleriň näçe tiz geljeginde” diýip, anonimlik şertinde gürleşen synçy aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum